Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň heýkelinde we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Hormatly Prezidentimize Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýerleşýän ýeriniň we umumy görnüşiniň çyzgysy görkezildi. Bu desgany gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi. Tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň daşky girelgesiniň, suw çüwdürimleriniň, dynç alyş zolaklarynyň, bassyrmalaryň we awtoduralgalaryň hödürlenen çyzgylary bilen hem ünsli tanyşdy. Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän çüwdürimli we heýkelli toplumyň durkunyň täzelenilmeginiň teklip edilýän görnüşi görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde dostluga, edermenlige, watansöýüjilige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen belli bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň iň täze binagärlik çözgütlerini özünde jemlemelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara desganyň gurluşygynyň ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlanmagyny üpjün etmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýyl beýik Magtymgulynyň edebi mirasyny wagyz etmek, halkara gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreleri geçirmegiň zerurdygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ünsüni çekdi.

Soňra bu ýerde wise-premýer M.Mämmedowa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Täzelikler

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

2025-10-23 / Syýasy

Halkara hünärmenler Türkmenistanda durnukly energiýa ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

2025-10-16 / Syýasy

Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

2025-10-12 / Syýasy

Türkmenistan Brýusselde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça sebitleýin dialoga gatnaşdy

2025-10-03 / Syýasy

«Çalik Enerji» «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» halkara forumynyň platina hemaýatkäri bolar

2025-09-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Atbaý känindäki guýudan ýokary hilli tebigy gaz alyndy

2025-09-18 / Syýasy

Awazada geçirilýän «TIF2025» forumy 45 ýurtdan 800-den gowrak wekili bir ýere jemledi

2025-09-13 / Syýasy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-09-01 / Syýasy

Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar

2025-08-20 / Syýasy

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak isleýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: