Aşgabatda halkara ylmy duşuşyk geçirildi

19-njy aprelde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.

Çärä Türkmenistanyň taryhçy alymlary, arheologlary, sungaty öwrenijileri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen bir hatarda, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri, şol sanda Italiýa, Beýik Britaniýa, Russiýa, Fransiýa, ABŞ ýaly döwletleriň iri ylmy we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary, esasy ylmy işgärleridir bilermenleri gatnaşdylar.

Dabarada “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” üns çekilip, onuň amala aşyrylmagynyň türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny mundan beýläk-de ylmy taýdan öwrenmäge, geljek nesiller üçin gorap saklamaga hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berjekdigi bellenildi. Resminamada göz öňünde tutulan çäreler Diýarymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine, gözel künjeklerine daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň syýahatçylaryny çekmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, täze maksatnamanyň baş maksadynyň diňe bir milli mirasy gorap saklamakdan däl-de, eýsem, onuň ösdürilmegine goşmaça itergi bermekden ybaratdygy hem nygtaldy.

Diýarymyzda halkara, toplumlaýyn arheologik toparlaryň birnäçesi işleýär. Şolaryň ylmy gözlegleriniň netijeleri “Türkmenistanyň gadymyýeti: ýadygärliklerdäki ylmy-barlag we rejeleýiş işleri” atly neşirde çap edildi. Şu gün ylmy makalalaryň bu ýygyndysy halkara duşuşyga gatnaşyjylara ilkinji gezek görkezildi.

Çäräniň çäginde arheologiýa tapyndylarynyň sergisine hem tomaşa edildi.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: