Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

15-nji aprelde Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi ýazdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, obalarymyzy we şäherlerimizi gülledip ösdürmegiň biziň öňümizde esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýandygyny belledi. 

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze hassahana ilatyň saglygyny berkitmäge, keselleri iň häzirki zaman tehnologiýalary we usullary arkaly bejermäge niýetlenendir. Ýedi gatdan ybarat bu hassahanada 1 müň 200-e golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi ― diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hassahanada Germaniýada, Fransiýada, Italiýada, Ýaponiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Niderlandlar Patyşalygynda, Çehiýada, Daniýada, Finlýandiýada, Şweýsariýada, Günorta Koreýada, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen iň kämil, öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş maksatly serişdeler ornaşdyryldy.

Täze hassahanada jemi 27 bölüm bolup, olarda adamlaryň saglygyny berkitmek, kesellerini bejermek üçin giň şertler döredildi. Bu ýerde ornaşdyrylan kämil enjamlar ýörite operasiýalaryň ýokary derejede geçirilmegine mümkinçilik berýär. Hassahanada näsaglar üçin hem zerur mümkinçilikler bar. Ýatymlaýyn otaglar bir we iki adama niýetlenip, olarda zerur bolan ähli amatly şertler döredildi.

Bu döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygy Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ussat inžener” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Hassahananyň umumy meýdany 10,5 gektary eýeläp, binanyň meýdany 41 müň 156 inedördül metre deňdir. Bu ýerde näsaglaryň ýatymlaýyn we gatnap bejergi almagy hem-de saglygyny dikeltmegi üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Täzelikler

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: