Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň göçme mejlisini geçirdi

14-nji aprelde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň başlygynyň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasarynyň kanun çykaryjylyk ulgamynda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Wise-premýerler ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljek 7 ýyla niýetlenen Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugurlaryny kesgitlemek baradaky görkezmelerini ýerine ýetirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdiler. 

Sebit administrasiýalarynyň ýolbaşçylary oba hojalygy boýunça işleri guramaçylykly geçirmek üçin görülýän çäreler we Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Balkan wlaýatynyň durmuş-ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini ep-has-da gowulandyrmak üçin işleriň dowam etdirilmelidigini belledi. Şu ýyl üçin meýilleşdirilýän maýa goýumlarynyň öz wagtynda özleşdirilmeginiň we maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna täze önümçilik desgalarynyň işe girizilmegini gözegçilikde saklamagyň zerurlygy bellenildi.

Milli ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan meseleleriniň arasynda döwlet Baştutany Hazar deňziniň kenarýaka zolaklarynda gözleg-seljeriş işlerini çaltlandyrylmak, täze ýataklary tapmak we özleşdirmek, bu ýerlere hususy pudagy we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça degişli işleri alyp barmak babatda tabşyryk berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat we gurluşyk önümleri bilen doldurmagy, innowasion tehnologiýalara, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryna esaslanýan täze pudaklaryň açylmagyny üpjün etmegi, häzirki zaman elektronik önümleriniň önümçiligini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda 2022-nji ýylda biziň ýurdumyzda geçiriljek halkara çäreleriň meýilnamasynda aýratyn orny eýeleýän Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlarynyň Sammitine görülýän taýýarlyk işleriniň meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2022-2028-nji ýyllarda Balkan welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň degişli sanawy hödürlenildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan medeni çärelere taýýarlyk görmek barada aýratyn görkezmeler berildi, olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Atçylyk sport toplumynda geçiriljek çäreler hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyny we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda ylmy-amaly maslahaty hem-de Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri – dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda ýörite görkezmeler berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, bu ýerde hyzmatlar ulgamyny ösdürmek we tomus möwsüminiň ýakynlaşýandygyny göz öňünde tutup, ulular we çagalar üçin dynç alyş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2024-12-25 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

2024-12-17 / Syýasy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň energetika ministri bilen duşuşyk geçirildi

2024-12-09 / Syýasy

Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

2024-12-07 / Syýasy

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi

2024-11-19 / Syýasy

Aşgabatda energetika boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

2024-11-05 / Syýasy

Türkmenistanda CIET-2024 halkara forumy tamamlandy

2024-11-04 / Syýasy

Aşgabatda CIET-2024 Halkara sergisi açyldy

2024-11-04 / Syýasy

Türkmenistanda umumy kuwwaty 330 kW bolan iki sany täze elektrik bekedi ulanylmaga berildi

2024-10-26 / Syýasy

“Türkmenenergo” ýapon kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşar

2024-10-25 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika ministri özbek kärdeşi bilen duşuşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: