Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine seredildi

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda Annageldi Ýazmyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça, Aşyrguly Begliýew nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda şu ýylyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän toplumlaryň işinde goýberilen kemçilikler üçin Şahym Abdrahmanowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi duýduryp, degişli Buýruga gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewe käýinç yglan etdi.

Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň başga bir Karary bilen bolsa Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärlerine satmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan, 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Ynamly hyzmatdaşlar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Täzelikler

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: