BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyndaky ornuna ýokary baha berdi

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT-2022) halkara konferensiýasynda BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Natalýa German çykyş etdi. Bu barada «Turkmenportal» web saýty habar berýär.

Öz çykyşynda ol bu forumyň ýüze çykýan meseleleri we kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmak hem-de sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň işjeň ornuny mundan beýläk-de goldamak üçin amatly mümkinçilikdigini aýtdy.

«Işewür jemgyýetiň agzalary hökmünde energetikanyň milli we sebit howpsuzlygy, parahatçylyk we global durnuklylyk meselesidigini has gowy bilýärsiňiz. Ol geosyýasatyň özeni bolup durýar, şonuň üçin hem energetika — baýlyk we güýç meselesidir, bu bolsa onuň gapma-garşylygyň hem, edil şonuň ýaly hyzmatdaşlygyň hem çeşmesi bolup bilýändigini aňladýar. Merkezi Aziýada ol onýyllyklaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň çeşmesi bolup durýar we muny diňe berkitmek gerek» — diýip, sebit merkeziniň başlygy belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň milli we köptaraplaýyn derejede özara hyzmatdaşlygy hem-de ykdysady ösüşi pugtalandyrmak üçin köp wagt sarp edýändigini we muňa aýratyn üns berýändigi bellenildi. Ýurduň energetika we ulag diplomatiýasy babatdaky işjeň orny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan soňky ýyllarda Türkmenistanyň öňe süren teklipleriniň esasynda degişli kararlaryň kabul edilmegi bilen tassyklanyldy.

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili öz çykyşynda Türkmenistanyň sebitara söwdany giňeltmek boýunça möhüm sebit başlangyçlaryny öňe sürmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi, şeýle hem howanyň üýtgemegi meselesini gozgady.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: