OPEK-niň Baş sekretary Halkara nebitgaz forumynda çykyş etdi

OPEK-niň Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo Aşgabatda geçirilýän Halkara nebitgaz forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. OPEK-niň Baş sekretary Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň 2045-nji ýylda bir günüň dowamynda uglewodorod energiýa çeşmeleriniň sarp edilişiniň nebitiň 270 trillion barreline çenli artjagyny çaklaýandygyny nygtady. Bu barada «Turkmenportal» web saýty habar berýär.

Halkara guramanyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, dünýäde nebit önümlerine bolan talap ilatyň sanynyň artmagy, senagat pudaklarynyň we awtomobil önümçiliginiň ösmegi bilen has-da ýokarlanar.

Häzirki wagtda OPEK-iň iş ugry tebigy çeşmeleri gazyp almak ulgamynda durnuklylygy we dowamlylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Dünýä jemgyýetçiliginiň howpsuz energiýa çeşmelerine geçmek başlangyjyny goldamagy zerur we bu durnukly dünýäniň girewidir diýip, Barkindo çykyşynda belledi.

Täzelikler

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: