Türkmen Lideri Kuba Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-15 / Makalalar

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: