Türkmenistan bilen Pakistan söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürer

Türkmenistan Pakistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegi we bu ugurda Bilelikdäki hökümetara türkmen-pakistan toparynyň işini güýçlendirmegi, şeýle-de şu ýylyň dowamynda Yslamabatda bu toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip edýär. Bular barada 22-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Raşid Meredow bilen onuň pakistanly kärdeşi Şah Mahmud Kureşiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda aýdyldy. Duşuşyk Yslamabat şäherinde geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda ýazylyşy ýaly, ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Pakistan Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan ilkinji döwletleriň biri bolup (1992-nji ýylyň 9-njy maýy), Türkmenistanyň Bitaraplygyny hem işjeň goldady.

Diplomatlar bilelikdäki iri taslamalaryň, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň we optiki-süýmli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: