Aleksandr Lukaşenko: «Belarus Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýär»

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady. Bu Gutlag haty «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Prezident Aleksandr Lukaşenkodan gelen hat: «Belarus halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi¬ňiz bilen gutlaýaryn» diýen sözler bilen başlaýar.

Belarus Lideri öz hatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugta binýadynyň Minskä we Aşgabada özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de gi¬ňeltmegiň ýolunda üstünlikli öňe gitmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirýär.

Şeýle hem hatda bellenilişi ýaly, Belarus Türkmenistan bilen syýasy gatnaşyklary işjeň¬leşdirmäge, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary gi¬ňeltmäge gyzyklanmalaryny tassyklaýar.

Belarus halkynyň Lideri hatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban ýurdu¬myzyň ösüşiniň bähbidine täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, agzybirlik we rowaçlyk arzuw edýär.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: