Türkmenistanyň Prezidenti: «Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramydyr»

Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza Gutlag iberdi. Milletiň Lideriniň bu Gutlagy 20-nji martda «Watan» habarlar gepleşiginde okaldy.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagy:

«Bagtyýar halkym!

Gadyrly watandaşlar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda rysgal-berekede, toý-baýrama beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! ― diýen sözler bilen başlaýar. Şeýle hem milletiň Lideri: «Siziň her biriňize parahat we bagtyýar durmuşy, maşgala abadançylygyny, berk jan saglygyny arzuw edýärin. şatlyk-şowhuna beslenip giňden bellenýän baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli raýatlaryny il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrjakdygyna, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan gadymy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, arzuwlaryny beýan edýär.

Gutlagda hem nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.

Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň we beýleki Gündogar akyldarlarynyň nusgawy eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur beýan edilýär diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda aýdylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynda, halk döredijiliginde, medeni mirasynda Nowruza giň orun berilmeginiň onuň taryhy kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzaýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtaýar. Halkymyzda Nowruz baýramy bilen bagly yrym-ynançlaryň, däp-dessurlaryň ençemesi bar. Merdana pederlerimiz Nowruzda berjaý edilýän däpleriň we ynançlaryň üsti bilen, nesilleri Watana wepalylyk, tebigata we durmuşa söýgi, ynsanperwerlik ruhunda terbiýeläpdirler, ýaşlaryň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri, halal zähmet çekmek endiklerini kemala getiripdirler diýlip, Gutlagda aýdylýar.

Şeýle hem Gutlagda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji martynyň «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilmeginiň, Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmeginiň bu gadymy baýramyň halkara derejede ähmiýetini has-da artdyrdyrandygy aýdylýar. Bu baýram mynasybetli geçirilýän çäreler Nowruz baýramyny belleýän halklary, ýurtlary birek-birege ýakynlaşdyrmak bilen, medeni-ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanmagyna ýardam edýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň we taryhy-medeni gymmatlyklarynyň rowaçlanmasynyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Bu bolsa bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzyň durmuşyndaky şanly seneleriň, milli 

Täzelikler

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: