Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kasam kabul edip wezipä girişdi

Şu gün, 19-njy martda Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kasam kabul edip, wezipä girişdi. Şu mynasybetli Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde geçirilen dabara Hökümet agzalary, Howpsuzlyk geňeşiniň wekilleri, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar we žurnalistler gatnaşdylar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Ruhyýet köşgüniň zalynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasy, Türkmenistanyň konstitusiýasy we Gurhan getirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow Serdar Berdimuhamedowa Prezidentlik şahadatnamasyny gowşurdy. Soňra, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti konstitusiýa elini uzadyp, «Türkmenistanyň konstitusiýasyna we kanunlaryna berk eýermek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, Türkmenistanyň Prezidentine ýüklenen borçlary yhlas bilen ýerine ýetirjekdigini» aýtdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Ýurt boýunça hasaba alnan 3 460 080 saýlawçydan 3 362 052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi.

Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan Türkmenistanyň Demoktarik partiýasynyň dalaşgäri Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Türkmenistanda Prezident saýlawlary her ýedi ýyldan bir gezek geçirilýär.

Täzelikler

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: