Merkezi saýlaw topary: iň köp sesi wise-premýer Serdar Berdimuhamedow aldy

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Prezidenti wezipesine saýlanyldy. Bu barada şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar habar berdi.

«Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi» diýlip, toparyň habarynda aýdylýar.

Saýlawlarda beýleki dalaşgärler aşakdaky ýaly ses aldylar:

Hydyr Nunnaýew – 11,09%

Agajan Bekmyradow – 7,22%

Berdimämmet Gurbanow – 2,22%

Perhat Begenjow – 2,02%

Maksatmyrat Öwezgeldiýew – 1,16%

Maksat Ödeşow – 1,15%

Kakageldi Saryýew – 1,09%

Babamyrat Meredow – 1,08%.

Şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň habar berşi ýaly, ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17 göterim gatnaşyk boldy.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň Kasam kabul ediş dabarasy 19-njy martda bolar.

Täzelikler

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: