Zenanlara 8-nji mart bayramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary gowşurylar

Türkmenistanyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2022-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: