Türkmenistanda Aşgabat we Daşoguz welaýatlarynyň teklipçi toparlary prezidentiň wezipesine dalaşgärleri hödürlediler

Aşgabat şäherinde raýatlaryň teklipçi topary maslahat geçirdi. Onda iň ýokary döwlet wezipesine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewi dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky teklibe garaldy. Bu barada türkmen telewideniýesiniň "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Ýygnananlar iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň terjimehaly bilen tanyşdylar. Hydyr Nunnaýew Aşgabat şäheriniň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebini tamamlap, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hataryndaky harby gullugyndan soňra, 1997-nji ýylda zähmet ýoluna başlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna girmezinden ozal, ol saglygy goraýyş ulgamynyň dürli edaralarynda işledi. 2003-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini tamamlap, Ahal welaýatynyň Tejen etrap hassahanasynda lukman bolup işledi. 2005 — 2014-nji ýyllarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynda mugallym, 2011-nji ýylda bolsa bu kafedranyň müdiri bolup işledi. 2014-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

Hydyr Nunnaýewiň mugallymçylyk ylmyny ösdürmäge, türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemäge goşan uly goşandyny nygtap, ýygnananlar 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda iň ýokary döwlet wezipesine ony dalaşgär hökmünde hödürlemegi goldadylar.

Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary bolsa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlediler.

Maksat Ödeşow 2000-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlap, Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň elektrik aragatnaşyk kärhanasynda operator wezipesinde zähmet ýoluna başlady. 2002 — 2008-nji ýyllarda M.Ödeşow bu etrabyň häkimliginde dürli wezipelerde işledi, 2008-nji ýylyň dekabr aýynda TDP-niň etrap komitetiniň sekretarlygyna saýlandy, 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan häzirki wagta çenli bu komitetiň başlygy. Şeýle hem dalaşgär Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty boldy.

Ýygnananlar Maksat Ödeşowyň partiýa işine, döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslarynyň ösdürilmegine goşan saldamly goşandyny nygtap, 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda iň ýokary döwlet wezipesine ony dalaşgär hökmünde hödürlemegi goldadylar.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: