Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen Lideri gutlag hatynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde özara hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: