Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlendi

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary dokuzynjy gurultaýy geçirildi. Ýurduň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň mejlisiniň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy hödürlemek baradaky teklibe garadylar. Gurultaýyň gün tertibiniň bu meselesi boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp ýolbaşçylyk, guramaçylyk häsiýetlerini bellediler. Ol agras hem-de islendik meselä seslenip bilýän, oňat hojalykçy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adam hökmünde kärdeşleriniň hormatyna mynasyp boldy. Serdar Berdimuhamedow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolok hünäri boýunça tamamlady. Ol halkara gatnaşyklary boýunça-da hünärmen bolmak bilen, zähmet çeken ýyllarynda Mejlisiň komitetiniň başlygy, daşary işler ministriniň orunbasary, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häkimi, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýaly wezipeleri eýeläp, dolandyryş işlerini alyp barmakda baý tejribe toplady.

Gurultaýa gatnaşyjylar ýolbaşçy wezipesinde bitiren hyzmatlaryny, iş tejribesini, belent işjeňlik hem-de ahlak häsiýetlerini belläp, ony ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek barada çözgüt kabul etdiler.

Mejlisiň dowamynda Serdar Berdimuhamedowy ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemegi makullamak baradaky kararyň taslamasy sese goýuldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, onuň örän uly jogapkärçilikdigi hem-de bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Hökümet Baştutanynyň orunbasary ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, eger özüniň ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda mundan beýläk-de halkyň milli ýol-ýörelgesinden ugur alyp, ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, 14-nji fewraldan başlap Türkmenistanda saýlaw möwsümi başlandy.

Habar berşimiz ýaly, 12-nji martda Türkmenistanda möhletinden öňki Prezident saýlawlary geçiriler. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda möhletinden öňki saýlawlary geçirmek we döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek, özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigi baradaky başlangyjy 11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe sürüpdi.

Täzelikler

2024-10-17 / Syýasy

Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Pakistanyň federal energetika ministriniň duşuşygy boldy

2024-10-14 / Beýlekiler

Aşgabatda "KazMunayGaz" golçur kompaniýasynyň şahamçasy açyldy

2024-10-03 / Beýlekiler

Paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» - «CIET-2024» halkara maslahaty we sergisi guralar

2024-10-01 / Beýlekiler

«Hyundai Engineering» Aşgabatda geçiriljek «OGT 2024» nebit-gaz forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy

2024-09-20 / Syýasy

Türkmen wekiliýeti UNECE-niň «Durnukly energetika hepdeligi — 2024» çägindäki ýörite mejlise gatnaşdy

2024-09-11 / Syýasy

Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar

2024-09-09 / Syýasy

ARKADAG «AKYLLY» ŞÄHERI «2024 WORLD SMART CITY EXPO» HALKARA SERGISINDE ÜÇ SANY BAÝRAGA MYNASYP BOLDY

2024-09-03 / Syýasy

Türkmenistan halkara energetika bazarynda eýeleýän ornuny barha berkidýär

2024-08-29 / Syýasy

Türkmenistan we Özbegistan ýangyç-energetika ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýärler

2024-08-22 / Syýasy

Elektroenergetika pudagy — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: