Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň durmuşynyň derwaýys wakasyna öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň ygtybarly esasyny goýjak oňyn özgertmeleri yzygiderli amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri goýuldy. 

Mejlisiň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň häkimleri 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça hasabatlaryny berdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda döwletiň hem-de onuň institutlarynyň geljek 30 ýyl üçin ösüşiniň esasu ugurlaryna aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu meselede adamlaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, şeýle hem makroykdysady ýagdaýlaryň durnuklylygynyň gazanylmagy aýratyn  ileri tutulýandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetiň durnukly ösdürilmegi üçin ähli serişdelerdir mümkinçilikleriň peýdalanmagyň derwaýys meseleleriň hatarynda öňe sürülýändigini belledi. Döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini, telekeçiligiň döwlet tarapyndan giňden goldanylmagyny göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz beýan etdi. 

Prezident şeýle-de döwletiň daşary syýasat ugrunyň we Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ýokary abraýynyň ähmiýeti barada hem gürrüň etdi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, geljek onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistan öz daşary syýasatynda bäş sany strategiki ugurlary ileri tutar. Olar – parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, dünýä giňişliginde bitaraplygyň ösdürilmegi we ilerledilmegi, daşary ykdysady gatnaşyklaryň difersifikasiýasy, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn itergi berilmegi we halkara gatnaşyklarynyň ynsanperwer häsiýete eýe bolmagyna, oňa ahlaklylyk, dogruçyllyk we adalatlylyk standartlarynyň girizilmegine ýardam bermekden ybaratdyr. 

Munuň geljek onýyllyklar üçin öňünden kesgitlenen wezipe, biziň daşary syýasatymyzyň uzakmöhletleýin ugry bolup durýandygyny nygtamak bilen, Döwlet Baştutany Türkmen döwletiniň daşary syýasat ugrunyň esasy goýujy, kesgitleýji ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň üýtgewsizdigini belläp geçdi.

Mejlisiň çäklerinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi.

Täzelikler

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: