Türkmenistan we Pakistan Kabulda TOP taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar

6-njy fewralda Kabulda Türkmenistanyň we Pakistanyň Owganystandaky ilçileri Hoja Öwezow we Mansur Ahmad Han ykdysady hyzmatdaşlyk we TOP-500 kW elektrik geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi dogrusyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasynyň twitter sahypasynda habar bermegine görä, duşuşyk netijesinde taraplar teswirnama gol çekdiler, muňa laýyklykda Owganystandan Pakistana elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan Nur al-Jihad stansiýasynda gurluşyk we gurnama işlerini geçirer, bar bolan şertnamalar esasynda Türkmenistandan getirilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrylar.

Mundan başga-da, geçen aýda Türkmenistanyň we owgan energiýa kompaniýasy «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) Kabulda şertnama gol çekipdi, muňa laýyklykda Nur al-Jihad stansiýasynyň elektrik geçirijisiniň kuwwatyny 110 kW-dan 220 kW-a çenli ýokarlandyryldy. Bu işler Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygyna baş potratçy we maýa goýujy Çalik Enerji tarapyndan amala aşyrylar.

Gol çekilen resminamalara görä, Çalik Holding bu taslama 1,6 milliard amerikan dollar maýa goýumyny goýýar. Bu esasda bolsa, Owganystan we Pakistan her ýyl 1000 MWt türkmen elektrik energiasyny alar. Mundan başga-da, bu geçirijiniň Owganystanyň çäginden geçmegi her ýyl Owganystana 100 million ABŞ dollar girdejisini getirer.

Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyl bäri Owganystany ýeňil şertlerde elektrik bilen üpjün edýär. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 432 MWt kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýasy işe girizildi, bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlary, şeýle hem Owganystan üçin elektrik üpjünçiliginiň mukdaryny artdyrar.

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: