Halk Maslahatynyň ýygnagynda 2052-nji ýyla çenli ýurdy ösdürmek üçin Maksatnamanyň taslamasy hödürlener

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary bilen bu ulgamy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde ähmiýet berilmeli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmen Lideri ykdysady toplumy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, ýakynda Türkmenistanda möhüm syýasy wakanyň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçiriljekdigini, onda ýurdy ýakyn döwür üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň wezipeleriniň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Döwlet Baştutany bu maksatnamada geljek 30 ýylyň dowamynda ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de milli Garaşsyzlygyň we baky Bitaraplygyň esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin zerur çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ägirt uly işler bitirildi. Şunuň bilen baglylykda, 2022 — 2052-nji ýyllarda döwletimizi ösdürmek boýunça möhüm ugurlar kesgitlener. Şeýle hem milletiň Lideri şu ýyllarda ýurduň ykdysadyýet-maliýe ulgamyny ösdürmegiň hem-de bu babatda bar bolan meseleleri çözmegiň ugurlaryna garamak üçin ykdysady toplumyň işgärleri bilen möhüm meseleler barada pikir alyşmagyň wajypdygyny aýtdy we toplumyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow türkmen Lideriniň tabşyrygyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine hödürlemek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy boýunça degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde işleriň geçirilendigi we bu taslamany taýýarlamagyň jemleýji tapgyrda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany iş maslahatynyň dowamynda Garaşsyz Türkmenistany ýakyn 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek üçin, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» gutarnykly taslamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: