Hökümetiň nobatdaky ýygnagynda jemgyýetçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

24-nji ýanwarda geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hasabatyny diňledi.

Häkim R.Gandymow häzirki döwürde Türkmenistanyň baş şäheriniň merkezinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanyň medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäheriň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny degişli derejede alyp barmak ugrunda ýerine ýetirilýän işleriň depginleriniň pesdigini belläp, işleriň guralyşynyň derejesine nägilelik bildirdi hem-de işleri talabalaýyk derejede guramagy häkimden talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýol-ulag düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň degişli düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belläp, bu ugurda işlenip taýýarlanylan Maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp geçdi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: