Türkmenistan daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýanyň mukdaryny artdyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan Özbegistanyň we Eýranyň üsti bilen üçünji ýurda elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak isleýär. Türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Daşoguz welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda belläp geçdi.

«Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy goňşularymyz bolan Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana, Özbegistan hem-de Gyrgyz Respublikalaryna iberilýär. Şonuň ýaly-da, ony Özbegistanyň hem-de Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara-da ibermegiň mümkinçiligi uly bolup durýar» diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Bu beýannama “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilişiniň seljermesi esasynda ýerine ýetirildi.

Bellenilişi ýaly, Konsepsiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde häzirki döwürde welaýatlaryň hersinde iki-üç sany elektrik stansiýasynyň hereket edýändigini aýdyp, döwlet Baştutany onuň sebitleriň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, pudagyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: