Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Daşoguz halkara howa menziline gelip, bu ýerden welaýatyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna bardy.

Türkmen Lideriniň awtoulagy Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasynda saklandy.

Gurluşyk meýdançasynda türkmen Lideriniň garamagyna ýurduň energoulgamynyň ösüşi, onuň düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler we täze döredilýän kuwwatlyklar barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar, olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi.

«Türkmenenergotaslama» institutynyň ýolbaşçysy W.Rahmanow Türkmenistanyň halkalaýyn energoulgamyny döretmäge gönükdirilen kuwwatlyklaryň, güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy bolsa 560 kilometr bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany ýurduň energetika pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, energiýa serişdeleriniň baý gorlarynyň netijeli peýdalanylmagynyň ykdysady taýdan bolşy ýaly, durmuş taýdan hem örän bähbitlidigini belledi.

«Türkmenenergogurluşyk» konserniniň ýolbaşçysy N.Ataýew hünärmenler tarapyndan dürli güýjenmeli howa elektrik geçirijilerini we transformator beketlerini gurmagyň baý tejribesiniň toplanandygy barada aýdyp, güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçirijileriň we beketleriň, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 421 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Balkan, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 380 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Mary, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 25 kilometr bolan iki zynjyrly Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň, şeýle hem Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň taslamalary, Serdar, Kaka, Tejen elektrik beketleriniň ugry boýunça howa elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow işlenilip taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň energogurluşykçylarynyň uly tejribe toplamagynyň guwançly ýagdaýdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işlerde häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny we dünýä tejribesini öwrenmegiň, şeýle hem ýokary öndürijilikli tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra energetika ministri H.Rejepmyradow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň üsti bilen Ahal döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň düzüminde bug turbina generator binasy, 4 sany bug gazany, 2 sany transformator we beýleki kömekçi desgalar bolar. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz we Lebap döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň düzümine bug turbina binasy, sowadyjy desga, howa gysyjy bina, ätiýaçlyk dizel generatory, ýagyş suwuny toplaýjy desga, transformator bekedi, bug gazany, esasy elektrik paýlaýjy desga we beýlekiler girýär. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketleriniň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany halkalaýyn energoulgamyň ähli ugurlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmek we olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek wezipeleriniň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagyna, gurluşyklaryň degişli serişdeler we enjamlar bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow häzirki döwürde bu ulgamyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň geçýän ugrunyň, Mary döwlet elektrik stansiýasyndan «Watan» DES-ne çenli aralygyň, Owganystanyň Mazari-Şarif şäherinden Kabula çenli çekilmegi göz öňünde tutulýan ugurlar barada aýdyldy.

Mundan başga-da, türkmen Liderine Mary DES-nden Hyrat — Farah — Kandagar ugrunyň we Owganystanyň üsti bilen Pakistana çenli geçiriljek ugruň çyzgylary barada hasabat berildi. Şeýle hem wise-premýer Mary — Maşat ugry boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän 500 kilowolt elektrik hem-de uzynlygy 140 kilometr bolan Mary — Sarahs ugry boýunça howa elektrik geçirijisi, güýjenmesi 400 kilowolt, uzynlygy bolsa 15 kilometr bolan Sarahs — Maşat ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň meýilleşdirilýän gurluşyklary barada habar berdi.

Döwlet Baştutany soňky ýyllarda bu ulgamda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalarynyň gurlandygyny, energetika kuwwatlyklarynyň ençeme esse artdyrylandygyny, täze elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometriniň çekilendigini belledi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň energetika ulgamynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Energetika ministrliginiň welaýat düzümleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Täzelikler

2024-12-17 / Syýasy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň energetika ministri bilen duşuşyk geçirildi

2024-12-09 / Syýasy

Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

2024-12-07 / Syýasy

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi

2024-11-19 / Syýasy

Aşgabatda energetika boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

2024-11-05 / Syýasy

Türkmenistanda CIET-2024 halkara forumy tamamlandy

2024-11-04 / Syýasy

Aşgabatda CIET-2024 Halkara sergisi açyldy

2024-11-04 / Syýasy

Türkmenistanda umumy kuwwaty 330 kW bolan iki sany täze elektrik bekedi ulanylmaga berildi

2024-10-26 / Syýasy

“Türkmenenergo” ýapon kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşar

2024-10-25 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika ministri özbek kärdeşi bilen duşuşdy

2024-10-23 / Syýasy

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: