Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatyndaky Türkmeniň ak öýi binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky Ruhyýet köşklerinde sanly ulgam arkaly geçiriler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde ýurdy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, şeýle-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleler jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagyna ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdy ösdürmegiň maksatnamalaryna serediler we olar tassyklanylar. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barylan işleriň jemleri jemlener we şu ýyl üçin wezipeler kesgitlener.

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: