Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýyldakydan artdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugy esasynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýiti Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde şu gün türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlary we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşyk geçirdi.

Ikitaraplaýyn duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň hem-de söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Duşuşykda maýa goýum, senagat, söwda we ykdysady, ulag we logistika, medeni we ynsanperwer ugurlar, şeýle hem suwdan peýdalanmak, sebitara hyzmatdaşlyk, azyk ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy we geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn söwdany ösdürmekde möhüm öňegidişligi bellediler. Mysal üçin, soňky 4 ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda 5 esse, 2021-nji ýylda bolsa 65 göterim ýokarlanyp, takmynan 880 million dollar boldy. Bar bolan söwda şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini çaltandyrmak we ýakyn geljekde özara söwdanyň mukdaryny 1 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak maksady bilen, iki ýurduň işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, bu ugurda bilelikdäki işleri güýçlendirmek bellenildi.

Senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mundan beýläkki çärelere gepleşikde aýratyn orun berildi. Taraplar bu ugurda käbir pudaklarda gazanylan üstünliklere ünsi çekdiler we ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmek, iki sebitiň çäginde birek-birege bagly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze teklipleri taýýarlamak barada pikir alyşdylar.

Sebitara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti hem bellendi. Taraplar şu ýyl Türkmenistan we Özbegistan sebitleriniň ilkinji forumyna taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, bu iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmakda täze platforma bolar.

Mundan başga-da suw dolandyryşy, hyzmatdaşlyk we ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, umumy ulag geçelgeleriniň ulgamyny ösdürmek, iki ýurduň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, medeniýet we syýahatçylyk pudagynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere seredildi.

Duşuşykda oba hojalygynyň ýerlerinden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, azyk önümleriniň hiliniň halkara standartlaryny girizmek we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tejribe alyşmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda işjeň gatnaşygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Duşuşygyň netijesinde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda oba hojalygy, elektrik energiýasy, himiýa senagaty we gurluşyk materiallaryny öndürmek ýaly ugurlarda maýa goýum we eksport şertnamalary baglaşyldy.

Täzelikler

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: