Baş Serkerdebaşy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2021-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan mejslisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralarda işleriň meýilnamalaýyn esasda alnyp barlandygyny belledi. Bu barada Türkmenportal habar berýär.

Döwlet Baştutany goranmak ministrine goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, bu düzümiň ähli ýolbaşçylarynyň we serkerdeleriniň harby-hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde düzgün-nyzamy pugta berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Prokuratura edaralarynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guramak, oňa ösen tejribäni we sanly ulgamy ornaşdyrmak, şeýle hem kanunçylygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanmalydyr diýip, milletiň Lideri belledi we bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy möhüm talap bolup durýar.

Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda jenaýatçylyga getirýän ýagdaýlary düýpli seljerip, olaryň sebäpleriniň we şertleriniň ýüze çykarylmagynyň hem-de ony aradan aýyrmagyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işleri degişli edaralar bilen utgaşykly alyp barmak babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Kazyýet edaralarynyň kazylarynyň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, kazylaryň häzirki zamanyň ösen tejribesini işjeň öwrenip, kanuny çözgüdiň kabul edilmegi üçin zerur tagallalar edilmelidir. Şunlukda, kazyýet edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak çaltlandyrylmalydyr diýip, milletiň Lideri belledi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzda jemgyýetçilik-hukuk tertibiniň berk berjaý edilmegi, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda milli howpsuzlyk ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Serhet goşunlarynda amala aşyrylýan işleriň ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň dost-doganlyk serhedine öwrülmegine gönükdirilmelidigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti serhetçi esgerleriň göwnejaý gulluklary bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik üns merkezinde saklanmalydygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda adalat edaralarynyň işini kämilleşdirmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak wezipeleriniň möhümdigine ünsi çekip, halkara hukuk boýunça ussat hünärmenleri taýýarlamagyň meselelerini giňden öwrenmegiň wajypdygyny belledi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň daşary söwdasynyň, esasan hem azyk harytlarynyň söwdasynyň ýagdaýyny we meýillerini seljermek maksady bilen, Döwlet gümrük gullugynda degişli statistiki maglumatlary talabalaýyk ýöretmek we bular boýunça degişli hasabatlary taýýarlamak babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hemişelik ýaşaýan ýerinden beýleki welaýata wagtlaýyn gidýän raýatlary häkimlikler bilen bilelikde bolýan ýerleri boýunça bellige almak hem-de olara gözegçilik etmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin içerki migrasiýa işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleri halkara ösen tejribä laýyklykda kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: