Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi L.Uaýld Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta ll hem-de Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň mähirli salamyny ýetirdi.

Ilçi tutuş dünýäde oňyn daşary syýasaty bilen meşhur bolan ýurdumyzda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şol syýasat bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlara esaslanýar. Diplomat döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenanyna hem-de Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine salamyny beýan edip, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi, ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, hanym Lýusia Uaýlda däp bolan türkmen-britan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de ony giňeltmegiň ähmiýetini we gatnaşyklaryň iki döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini belledi.

“Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin ähli şertleriň, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda birnäçe ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ekologik ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ugurlaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gatnaşyklarda hil taýdan täze ugur — ulag diplomatiýasy peýda bolýar. BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde şu mesele boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlan ýurdumyz bu diplomatiýany döredijileriň biridir.

Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda görkezildi. Türkmenistan goňşy Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň hem-de Beýik Britaniýanyň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we sanly ulgama geçirmek, hususy ulgamy goldamak ýaly strategik ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň uly wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilen BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna gatnaşandygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi we onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete, jemgyýete täsiri häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň bu ählumumy foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň şu meselä örän jogapkärli çemeleşýändigine, adamzat üçin uly wehime garşy göreşmegiň umumy, ylalaşykly çärelerini görmegiň wajypdygyna hem-de gaýragoýulmasyzdygyna düşünýändigine şaýatlyk edýär.

Diplomat köpýyllyk hyzmatdaşlygyň örän işjeň häsiýete eýedigini hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, munuň köp babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilikli syýasaty netijesinde mümkin bolandygyny nygtady.

Milli Liderimiz we dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklap, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, energetika ulgamlary, gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy we beýleki köp sanly ulgamlar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz ykdysady kuwwatdan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen Türkmen-britan söwda-senagat geňeşine möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu düzümiň işiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Ýurdumyzda innowasion ösüş strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi.

Diplomat öz tarapyndan britan-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam ediljekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýld döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Täzelikler

2024-12-17 / Syýasy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň energetika ministri bilen duşuşyk geçirildi

2024-12-09 / Syýasy

Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

2024-12-07 / Syýasy

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi

2024-11-19 / Syýasy

Aşgabatda energetika boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

2024-11-05 / Syýasy

Türkmenistanda CIET-2024 halkara forumy tamamlandy

2024-11-04 / Syýasy

Aşgabatda CIET-2024 Halkara sergisi açyldy

2024-11-04 / Syýasy

Türkmenistanda umumy kuwwaty 330 kW bolan iki sany täze elektrik bekedi ulanylmaga berildi

2024-10-26 / Syýasy

“Türkmenenergo” ýapon kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşar

2024-10-25 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika ministri özbek kärdeşi bilen duşuşdy

2024-10-23 / Syýasy

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: