Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Eýranyň prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün – 9-njy ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdiler.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýändigi barada bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň 15-nji Sammitiniň işine gatnaşmagynyň çäklerinde, 2021-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine itergi berdi.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: