ÝUNISEF-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Iri halkara guramanyň wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji direktory Ketrin Rasseliň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de gaznanyň Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň täze ýolbaşçysyny jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda ÝUNISEF bilen gatnaşyklaryň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türkmen Lideri we BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Bu babatda çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň milli meýilnamasyndan ugur alynýar. Bu meýilnama ýurdumyzyň hem-de durnukly ösüşiň ählumumy bähbitlerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilendigi bellenildi.

Geçen ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatda resminamalaryň hem-de köptaraplaýyn namalaryň ençemesine gol çekilmegi bu gatnaşyklaryň ajaýyp miwesidir. Şol resminamalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamalary, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ÝUNISEF-niň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama we beýlekiler bar.

Mohammad Faýýazi BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, özi üçin Türkmenistanda işlemegiň uly hormatdygyny belledi hem-de öz tarapyndan bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesine esaslanýan we uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikler

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

2025-11-27 / Syýasy

Türkmenistan we Täjigistan energetika hem-de suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: