Raşid Meredow ministrler derejesindäki üçünji duşuşygynyň işine gatnaşdy

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Delide geçirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň ministrler derejesindäki üçünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we özara gyzyklanma bildirilýän dürli sebit hem-de halkara meseleleri babatynda pikirleriň alyşylmagy üçin netijeli platforma hökmünde çykyş edýän Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dialogyň ähmiýetine ýokary baha berildi. Ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şeýle formatynyň sebitleýin parahatçylyga, howpsuzlyga, durnuklylyga, yzygiderli ykdysady ösüşe, şonuň ýaly-da sebit derejesindäki abadançylyga itergi berýändigi nygtalyp geçildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň Hindistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara hereketleriniň sazlaşykly ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem, Ministr ilkinji nobatda farmasewtika, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, energetika, dokma senagaty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Ministrler Owganystandaky ýagdaýlar boýunça hem pikir alyşdylar we ýurduň parahatçylykly, howpsuz hem-de durnukly ösüşini goldaýandyklaryny nygtamak bilen, bu ugurda onuň özbaşdaklygyna, jebisligine we territorial bitewüligine hem-de döwletiň içerki işlerine gatyşylmazlygyna hormat goýýandyklaryny belläp geçdiler.

Forumyň barşynda bilim we ylym, saglygy goraýyş hem-de lukmançylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi. COVID-19 ýaýramagynyň öňüni almak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda koronawirus pandemiýasyna hem-de onuň netijelerine garşy göreşmekde bilelikdäki hereketleriň dowam edilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Hindistanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky köpasyrlyk medeni hem-de siwilizasiýa gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berildi. Şu nukdaýnazardan, halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmegi üçin medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy bellenilip geçildi.

Täzelikler

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: