Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy telekeçilere ýubileý medallaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin, ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň we onuň mähriban halkynyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň Beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasyna laýykylykda, ýurduň şu aşakdaky ady görkezilen raýatlary «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandylar.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň mugallymy Hojamuhammet Muhammedowy, «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň alyp baryjy inženeri Kakajan Täşliýewi, «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Eziz Agamuradowiç Dowranowy, «Ak-gaýa» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Şamurat Hojamowiç Apowowy, Balkan welaýatyndan telekeçi Myratdurdy Sapardurdyýewiç Näzliýewi, «Uly ynam» daýhan hojalygynyň esaslandyryjysy Merdan Baýramdurdyýewiç Atdaýewi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň müdiri Şöwket Ýagmyrowiç Kerimberdiýewi, Lebap welaýatyndan telekeçi Alym Gurbandurdyýewiç Joraýewi, «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Toýly Erkinowiç Çaryýewi, Mary welaýatyndan telekeçi Guwançmyrat Tirkişowiç Orazowy.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: