Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşlerine ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany Gutlagynda Gazagystan Respublikasynyň bu döwür içinde dürli ulgamlarda — syýasatda, ykdysadyýetde we durmuş-ynsanperwer ugurlarynda belent sepgitlere ýetendigini hem-de halkara giňişlikde ynamly öňe gitmegi dowam edýändigini belleýär.

Milli Lider Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki halkyň röwşen geljeginiň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

* * *

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Gazagystanyň döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belleýär.

“Biz ýakyn goňşymyzyň ýeten sepgitlerine begenýäris we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy yzygiderli kämilleşdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýip, milli Lider Gutlagynda nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany Nursultan Nazarbaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikler, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

Täzelikler

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

2025-11-27 / Syýasy

Türkmenistan we Täjigistan energetika hem-de suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2025-11-16 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

2025-11-03 / Syýasy

Awazada «CIET 2025» halkara maslahatynyň çäreleri başlandy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: