Ykdysady ösüşleriň sergisi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli internet-giňişligine ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň ikinji wirtual sergisi açyldy.

Onlaýn-sergini dünýäniň islendik ýurdunda görüp bolýar, munuň üçin www.virtualexpo.gov.tm salga girmek ýeterlikdir. Wirtual ýol görekziji gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň diwarçalary ýerleşdirilen Söwda-senagat edarasynyň zallary boýunça 3D gezelenje çagyrýar.

Her diwarçada – wideoşekiller, türkmen, iňlis we rus dillerinde maglumatlary tanyşdyryş kitapçasy bar. Sergini Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň ministrlikleri, pudakalýyn edaralary we hususy kärhanalary bilen bilelikde guraýar.

Gözden geçiriliş önümçilik we senagat mümkinçiligini, maýadarlary çekmegi, içerki we daşary söwdanyň mümkinçiliklerini, şeýle hem telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlygy hem-de işewür gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär.

Wirtual sergi bir aýlap elýeter bolar.

 

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: