Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi

Duşenbe güni, 22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi, şeýle-de özara hereketleriň geriminiň giňledilmegi boýunça pikirleri alyşdylar.

Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen derwaýys ikitaraplaýyn çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky strategiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine güýçli itergi berendigi bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we HHR-nyň köpugurly diplomatiýanyň, hususan-da BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki önjeýli hyzmatdaşlyk saklaýandygyny hem nygtadylar. Şonuň ýaly-da, ýurtlaryň «Hytaý + Merkezi Aziýa» formatyndaky netijeli özara gatnaşyklary hem bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Liderleri tarapyndan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegi babatynda kesgitlenilen wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy nukdaýnazaryndan, sanly ykdysadyýet, maliýe-bank ulgamy, «ýaşyl» pes uglerodly ösüş, ulag we logistika, aragatnaşyk torlary, himiýa senagaty, oba hojalygy, energo we suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýändir.  

Energetika, ulag we söwda ulgamlary iki ýurduň arasyndaky däp bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny düzýär.

Taraplar Türkmenistanyň hem-de HHR-nyň arasyndaky ulag-aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy, şeýle-de «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» boýunça ösüş strategiýasynyň «Bir guşaklyk, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatynda durmuşa geçirilýän işleriň ýygjamlaşdyrylmagy ugrunda, ulag we logistika ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp geçdiler. 

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisiniň barşynda şeýle-de nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, hususan hem türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksport edilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de ösdürilmegi, özara düşünişmegiň we dostlugyň çuňlaşdyrylmagy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň derwaýys ugry hökmünde öňe çykaryldy. Şunlukda ylym we bilim ulgamyndaky taslamalar, şeýle-de lukmançylyk we saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýandyr.

Şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, mejlisiň jemleri boýunça halkara resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi. Olaryň hatarynda:

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisiniň Teswirnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2021-2025-nji ýyllar) hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama; Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy bardyr.

Täzelikler

2024-12-17 / Syýasy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýranyň energetika ministri bilen duşuşyk geçirildi

2024-12-09 / Syýasy

Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

2024-12-07 / Syýasy

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi

2024-11-19 / Syýasy

Aşgabatda energetika boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

2024-11-05 / Syýasy

Türkmenistanda CIET-2024 halkara forumy tamamlandy

2024-11-04 / Syýasy

Aşgabatda CIET-2024 Halkara sergisi açyldy

2024-11-04 / Syýasy

Türkmenistanda umumy kuwwaty 330 kW bolan iki sany täze elektrik bekedi ulanylmaga berildi

2024-10-26 / Syýasy

“Türkmenenergo” ýapon kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşar

2024-10-25 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika ministri özbek kärdeşi bilen duşuşdy

2024-10-23 / Syýasy

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: