Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy. Şol kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň esasy ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň işine gatnaşmaga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.
Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi, olar kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar bilen tanyşdyrdylar.
Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler esasy maliýe resminamasynyň Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň artmagyny göz öňünde tutýandygyny bellediler, bu bolsa ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligine oňyn täsirini ýetirer. Onuň serişdeleriniň agramly bölegi jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlary üçin gönükdirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda maliýe serişdeleriniň köp bölegi obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmäge gönükdirilýär.
Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi, jemagat hojalygy ulgamlaryny özgertmäge gönükdirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, nyrh syýasatyny oýlanyşykly amala aşyrmagyň, şahsy başlangyçlary goldamagyň, goşmaça durmuş ýeňilliklerini bermegiň hasabyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar.
Şeýle hem çykyş edenler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş depginlerini maliýe taýdan goldamak, senagatlaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak üçin Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdeleriň ähmiýetini bellediler.
Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda zähmet serişdelerini, ilatyň iş bilen üpjün edilmegini, onuň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy netijeli dolandyrmagyň mümkinçiliklerini döretmek boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. Önümçilik hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurulmagyny dowam etmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pul serişdeleriniň ýeterlik möçberi meýilleşdirildi.
“Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny biragyzdan makullan Halk Maslahatynyň agzalarynyň gelen netijesine görä, ykdysady strategiýadan ugur almak hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen esasy wezipeleri nazara almak bilen taýýarlanylan bu maliýe-hukuk resminamasy, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge hem-de türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Soňra “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna garaldy, onda döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň maksatlary, usullary we tertibi kesgitlenildi. Emläk eýesiniň hem-de bu işde ynançly dolandyryjynyň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän bu resminamanyň möhümdigi bellenildi.
“Poçta aragatnaşygy hakynda” täze Kanuny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Türkmenistanyň çäginde bu ugurda işleriň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitlejek resminamanyň poçta hyzmatlaryny özgertmäge, täze düzgün-kadalary kesgitlemäge, hyzmatlaryň hiline hem-de olaryň berjaý edilmegine gözegçiligi ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigi beýan edildi.
Mejlisiň barşynda Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan taýýarlanylan we kabul edilen “Döwlet ýer kadastry hakynda” (rejelenen görnüşi) Kanunyň ähmiýeti nygtaldy. Ol degişli ugurda işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýär. Bu Kanunyň maksady döwlet ýer kadastryny ýöretmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemek, ykdysadyýeti ösdürmek üçin kadastr maglumatlaryny peýdalanmak, ýer böleklerine hukuk kepilliklerini üpjün etmek, ýerleri netijeli peýdalanmak, dikeltmek we aýawly saklamak bolup durýar.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Kanuna seretdiler. Bu resminama döwlet daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Bu Kanun ýurdumyzdaky daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär, olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy (ýaşamagy) hem-de zähmet çekmegi, telekeçilik ýa-da başga işi amala aşyrmagy bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Mejlisiň dowamynda “Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” Kanun makullanyldy. Bu ylalaşyk 2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde kabul edildi hem-de täze ykdysady nukdaýnazary goldamak we ýaýratmak arkaly ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösmegine ýardam hökmünde Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmegiň esasy maksadyny kesgitledi. Şu nukdaýnazardan, ýaşyl ösüşe ykdysady ösüşiň hem-de ekologik durnuklylygyň sazlaşykly depgini hökmünde garalýar.
Şunuň bilen bir hatarda Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”, “Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Kanunlara, şeýle hem Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Kanunlara seredildi. Olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.
Şunuň bilen baglylykda, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň Diýarymyzyň syýasy, ykdysady we durmuş-medeni taýdan ösdürilmegine, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanan ynsanperwer ugruň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigi bellenildi. Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisiniň garamagyna girizilen kanunlar biragyzdan makullanyldy, olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.
Çeşme: www.tdh.gov.tm