Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekişlik çäresine gatnaşdy

6-njy noýbarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Paýtagtdaky bak ekişlik çäresi Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda 13,5 gektar meýdanda geçirildi.

Şol gün bu ýerde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy. Bu ýerde agaç ekmekden başga-da, ozal bar bolan baglaryň berkemegine, ösmegine degişli ideg işleri geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde diňe bir günüň dowamynda jemi 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary, şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň hem-de üzümiň 30 million düýbüni oturtmak bellenildi. Şolaryň 10 milliony paýtagtymyzyň töwereginde ekiler.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: