Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynda taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy

19-njy noýabrda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 7-nji mejlisi geçirildi.

Türkmen tarapyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Ç.Tzýanhua ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Taraplar şu ýylyň maý aýynda geçirilen iki döwletiň Liderleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik netijesinde nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Öňki geçirilen mejlisleriň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns çekildi, şeýle-de nebitgaz we gaz-himiýa pudaklarynda geljekki hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny Hytaýa eksport etmek bilen baglanyşykly meseleler babatda pikir alşyldy.

Mejlisiň çäklerinde söwdanyň göwrümini artdyrmak, gaz ýataklaryny özleşdirmek, önümçiligi artdyrmak we maliýeleşdirmek ugrunda gatnaşyklary giňeltmek boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Şeýle-de taraplar energetika pudagy, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryna ünsi çekdiler.

Taraplar nebitgaz toplumyndaky ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.

 

Çeşme: www.oilgas.gov.tm

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: