Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň milli kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Mejlisiň şu ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen maslahatynda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesine garaldy. Şolaryň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullanylmagy we tassyklanylmagy bilen kabul edilen kanunlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär. Deputatlar tarapyndan ilata olaryň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ykdysadyýeti ösdürmek, halkymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, haýwanat dünýäsini goramak meseleleri bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Mejlisiň deputatlary döwlet hem-de halkara ähmiýetli çärelere gatnaşýarlar, raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, söwda hem-de saglyk, halkara syýahatçylyk, bilim, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärler. Diýarymyzyň durmuşyndaky şanly wakalar, durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar, maslahatlar, milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek hem-de kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça işler yzygiderli geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtady. Şol binýat bolsa döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp wezipelerini hem-de halkara hukuk tejribesiniň umumy kabul edilen kadalaryny nazara almak arkaly berkidilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mejlisiň halkara guramalar we beýleki ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmeginiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Mejlisiň deputatlaryna sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen daşary syýasaty ýöredýän döwletimiziň başlangyjy bilen her ýyl bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmegiň ähmiýetini köpçülige düşündirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi maslahat berdi.

Milli Liderimiz ýaşlar babatdaky döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça Mejlisiň alyp barýan işiniň möhümdigini belläp, bu ugurda işleri dowam etdirmegi, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek meselelerine aýratyn üns bermegi maslahat berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.

Şu ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Mejlisiň maslahatynda kabul edilen hem-de döwlet durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli bolan kanunçylyk namalarynyň 19-syna seredildi we makullanyldy. Kanunlaryň her biri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan degişli kararlar kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanun, şeýle hem döwlet emlägini netijeli dolandyrmak, hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, ýer serişdelerini peýdalanmak, ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynydyr azatlyklaryny goramak, kanunylygy, hukuk tertibini üpjün etmek, hojalyk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, telekeçilik başlangyçlary we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak bilen bagly resminamalar bar.

Halk Maslahatynyň agzalary edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, oba ilatynyň arasynda guralýan duşuşyklara, maslahatlara we beýleki çärelere yzygiderli gatnaşyp, wagyz-nesihat işlerini geçirýärler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiň Mejlisi bilen bilelikde öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet strategiýasyny amala aşyrmagynyň möhümdigini belledi. Şeýle hem kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmaga, halkara bileleşigi Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiň ýolunda gazanan üstünlikleri hem-de taryhy tejribesi bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň Mejlisine hem-de Halk Maslahatyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrýan parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny wagyz etmek, olaryň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Geňeşiň wekilleri ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek we ahlak taýdan ösdürmäge ýardam edýän milli maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmek boýunça çäreleri hem geçirmelidirler.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Ol «Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Karz ylalaşygyna laýyklykda taýýarlanyldy. Kararyň taslamasyna laýyklykda, şol önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin karz serişdeleriniň bölünip berilmegi göz öňünde tutulýar. Bu çözgüt içerki Karz ylalaşygy esasynda amala aşyrylar. Ylalaşyk Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň arasynda baglaşylar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň mineral dökünleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga hem-de çykarylýan önümiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ylmy-tehniki maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly kuwwata eýedigini belledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu kärhana kuwwatly köpugurly himiýa önümçiligine öwrüldi, täze önümhanalar guruldy, önümçilik işi täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edildi.

Soňky onýyllyklarda garyşyk dökünleri öndürmäge uly ähmiýet berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Olaryň ykdysady taýdan bähbitliligi şol dökünlerde, iň azyndan, iki täsirli serişdeleriň bardygy bilen tapawutlanýar. Täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ep-esli ýokarlandyrmaga, ýeriň düzümini gowulandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekip, resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şol önümleriň hatarynda awtoulaglar üçin niýetlenen ýarym sintetiki çalgy ýaglary, gämiler üçin niýetlenen ýangyç, azyk, saglygy goraýyş, senagat önümlerini gaplamak we bezeg işleri üçin niýetlenen alýumin çaýylan polipropilen örtügi bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Nebitgaz senagatynyň kuwwatyny netijeli ulanmak bu ugurda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar.

Häzir Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürmek hem-de daşary döwletlere ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň eksportyny hem ýylsaýyn artdyrýar. Şunda tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegine hem-de täze önümleriň öndürilmegine uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz döwlete degişli däl pudagyň wekillerini bu işe çekmek bilen, olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy tabşyrdy. Wise-premýere bellenilen meýilnamalary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamak barada tabşyryk berildi.

Mejlisiň dowamynda Hökümetiň Başlygynyň orunbasary ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada-da hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi, şol enjamlardyr ätiýaçlyk şaýlary “Döwletabatgazçykaryş” müdirligine degişli gaz gysyjy desgalarda hatardan çykan enjamlary çalyşmakda hem-de bejergi işlerini geçirmekde ulanmak meýilleşdirilýär.

Nebitgaz senagatynyň netijeli we durnukly işlemegini üpjün etmek önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gös-göni baglydyr, şol maksat üçin her ýyl uly möçberde maýa serişdeleri goýberilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda” Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de oňa birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde döwletiň tutýan paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan hususy önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bellenen tertipde uzak möhletleýin peýdalanylmaga berilýär. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ulgama hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işlerini dowam etdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin jemi 326 müň 29 gektar meýdanda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer bu ýörite ýer gaznasyndan berilmegi göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin bugdaý we gowaça hasylyny ösdürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere ýer böleklerini 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermegiň teklip edilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Çünki ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan bu ulgam ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýaly ösen senagat döwletine öwürmäge ýardam edýär. Oba hojalyk önümçiliginde halkara tejribä we döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze guramaçylyk-hukuk usullaryny ornaşdyrmak örän wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, oba hojalygynyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hususy maýa goýumlaryň döwrebap oba hojalyk önümçiliklerini, täze iş orunlaryny döretmegiň esasy bolmalydygyny belledi we hödürlenen teklipleri makullap, olary degişli edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilmegi, iş tejribesine öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, topragyň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenabatdaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan mineral dökünleri öndürmegiň mukdaryny artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Konserniň garamagyndaky kärhanalarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän azotly, fosforly we kaliý dökünleri ýeterlik möçberde öndürilýär. Önümiň köp bölegi bolsa daşary ýurtlara iberilýär.

Häzirki wagtda dünýäniň oba hojalyk önümçiliginde garyşyk mineral dökünler giňden peýdalanylýar, onuň düzüminde azodyň, fosforyň, kaliniň dürli gatnaşyklary bar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümleriniň esasynda ekerançylyk üçin peýdaly bolan dökünleriň şu görnüşini öndürmek meýilleşdirilýär, bu bolsa ykdysady taýdan, şol sanda daşary ýurtlara ibermek babatynda has bähbitlidir.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde zerur resminamalar taýýarlanyldy. Bar bolan düzümleri nazara alyp, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna önüme barabar bolan garyşyk mineral dökünleri öndürmek boýunça önümhananyň işini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Bu taslamany Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň karz serişdelerini çekmek esasynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Şonuň bilen birlikde, wise-premýer Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça zawody gurmak hakynda taýýarlanylan Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, daşky eltiji ulag-kommunikasiýalaryny çekmek hem-de inžener-tehniki ulgamlary gurmak işlerini hem öz içine alýan täze kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakyndaky degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen bina ediler. Bu taslamany durmuşa geçirmegi “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýetine ynanmak göz öňünde tutulýar. Zawod meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylar. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge deň bolar. Desganyň gurluşygyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda pudaklary diwersifikasiýalaşdyrmak, örän baý ýerli çig mal serişdelerini tygşytly hem-de netijeli peýdalanmak arkaly senagatlaşdyrmak strategiýasy babatynda himiýa senagatyna uly ornuň degişlidigini nygtady. Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän täze, häzirki zaman kärhanalarynyň döredilmegi ugurdaş düzümleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, içerki sarp edijileriň ýokary hilli, şol sanda mineral dökünleriň has uly islege eýe bolan görnüşlerine zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmaga ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, munuň özi Watanymyzyň eksport kuwwatyny has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýokarda agzalan önümleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça hödürlenilen teklibi makullady hem-de degişli halkara bäsleşigi yglan etmegiň gerekdigini belläp, wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze senagat desgasynyň gurulmagynyň hem-de onuň gurluşygynyň “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýetine ynanylmagynyň göz öňünde tutulýandygy baradaky meselä degip geçmek bilen, häzirki wagtda işewür düzümleriň wekilleriniň ýurdumyzda köpugurly bäsdeşlige ukyply senagat pudagynyň döredilmegine, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak meseleleriniň çözülmegine we eksport ugurly harytlaryň önümçilik möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge örän işjeň gatnaşýandyklaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde-de türkmen telekeçilerine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belläp, hödürlenen Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamany ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumynyň kuwwatynyň ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matalary boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge barabardygyny habar berdi. Bu toplumyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri ýurdumyzyň içerki bazaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagyň eksport mümkinçiligini artdyrar, şeýle hem onuň işe girizilmegi bilen 1 müň 150 täze iş orny dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň döredijilikli zähmeti hem-de bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dokma toplumynyň gurulmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Önümçilige netijeli innowasiýalary, dünýä ylmynyň gazananlaryny, iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak işinde halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi uly ähmiýete eýedir. Diýarymyzda öndürilýän dokma önümleriniň hil we ekologik howpsuzlygy babatda halkara ölçeglere laýyk gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Türkmen hünärmenleri içerki bazaryň isleglerini öwrenip, ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur alyp, lybaslaryň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyrlar hem-de önümçilige ornaşdyrmalydyrlar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Dürli medeni çäreleriň, şol sanda Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna we Täze ýyla bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi bellenildi. Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyny ylmy maslahat, mowzuklaýyn sergiler, döredijilik duşuşyklary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert düzýär. Dekabrda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk çäreleri we konsertleri guralar. 10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Dünýä dursun parahat!» atly türkmen aýdymyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklary ýakmak çäresi bilen başlanar. Bu arça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany bezär. Şol dabaralar tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylar. Estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler. Täze ýyla bagyşlanan esasy dabaralar 31-nji dekabrda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň we «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki meýdançalarda geçiriler. Şolarda Täze ýyl baýramy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri guralar. Paýtagtymyzy we Diýarymyzyň sebitlerini Täze ýyl teleköprüsi baglanyşdyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Şol çäreler diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem köpöwüşginli, ýatdan çykmajak derejede we gyzykly geçirilip, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, iň gowy milli däplerimiziň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly halkara forumlaryň we döredijilik çäreleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi babatda hem birnäçe tabşyryklary berdi. Şol çäreler Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz Täze ýyl dabaralaryny geçirmäge ünsi çekip, olary guramaga degişli ähli guramaçylyk meselelerine örän jogapkärli we içgin çemeleşmegiň möhümdigini nygtady. Şol dabaralar türkmen toýuna mahsus ýagdaýda geçirilip, hemmelere, ilkinji nobatda bolsa, çagalara şatlyk hem-de ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş bermelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurtly, şol sanda nemes hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň lukmançylygynda uly üstünliklere ýetilendigi bellenildi. Ýewropanyň we dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň iri lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu ulgamda köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde yzygiderli ýagdaýda öňdebaryjy tejribe alşylýar, türkmen lukmanlary GFR-iň iri klinikalarynda dürli ugurlar boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar, ýurdumyza nemes hünärmenleri iş sapary bilen gelýärler. 2011 — 2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda we Germaniýada 9 forum geçirildi, şolaryň gün tertibine saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm meseleleri girizildi.

Däp bolan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, milli Liderimiziň garamagyna şu ýylyň 21—24-nji noýabry aralygynda türkmen hünärmenleriniň wekilçilikli toparyny Mýunhen şäherine, Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasyna iş sapary bilen ugratmak baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. GFR-iň dünýä belli klinikalary, tejribeli nemes alymlary hem-de lukmanlary bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar milli lukmançylyk ylmynyň we iş tejribesiniň okgunly ösüşine, ugurdaş bilimiň halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirilmegine ýardam berýär.

Ýurdumyzyň bu ulgamynyň edaralarynyň Germaniýanyň meşhur kompaniýalarynyň önümleri bolan iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmegi, bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegi, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek ulgamynda innowasion usullaryňdyr tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagy ýyl-ýyldan giňeldilýän hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň anyk netijeleridir.

Döwlet Baştutanymyz türkmen lukmanlarynyň toparyny Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasyna ugratmak boýunça hödürlenilen teklibi makullap, wise-premýere mundan beýläk-de nemes hyzmatdaşlar bilen däp bolan gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, täze edara binalary, serhet galalary gurulýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Watan goragçylary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, döwrebap lukmançylyk merkezleri bina edilýär hem-de ulanmaga berilýär.

Paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganlydaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş toplumynda häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän täze zolagy döretmek işleri dowam etdirilýär. Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 11-nji awgustynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz güýçleriniň täze harby bölüminiň, Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Lebap welaýatyndaky harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň parahat hem-de döredijilikli durmuşynyň binýatlaryny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýan ähli düzümleriň ýakyndan sazlaşykly hereket etmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ähli bellenilen meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin degişli şertleri üpjün etmekde harby we hukuk goraýjy düzümleriň ornuny belledi hem-de ata Watanymyza we halkymyza belent borja düşünmek bilen päk ýürekli hyzmat etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň maddy üpjünçiligini hem-de durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň, şahsy düzümiň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada hemişe alada etjekdigini aýtdy. Soňky ýyllarda bu düzümlerde geçirilýän özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen yzygiderli işler amala aşyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem-de harby gullukçylaryň durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek hakynda hasabat berdi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy bellenildi. Bu babatda oba hojalygyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda FAO bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda FAO bilen bilelikde sebitleýin taslamalaryň 5-si amala aşyrylýar. Şeýle hem halkara tejribä daýanylyp, ýokarda agzalan ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çözgütler we häzirki zaman ylmy çemeleşmeler ornaşdyrylýar. Şolar Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, BMG-niň şu düzümi bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin birnäçe teklipler işlenip taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna esaslanyp, FAO guramasynyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. FAO bilen bilelikde obasenagat toplumy, ekologiýa we howanyň üýtgemegi meselelerine degişli taslamalary durmuşa geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar. Hususan-da, häzirki wagtda FAO tarapyndan «Merkezi Aziýada ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini artdyrmak arkaly bug gaz zyňyndylaryny azaltmaga ýardam bermek» atly sebitleýin taslama ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň bu taslama goşulmagy baradaky teklibi beýan etdi. Munuň özi oba ýerleriniň durnukly ykdysady ösüşine gönükdirilendir. Şeýle hem FAO-nyň hem-de ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda degişli ylalaşygy baglaşmak teklip edilýär.

Mundan başga-da, obasenagat toplumynyň hem-de tutuş milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan pagtaçylykda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, bu ugurda önümçilik tehnologiýalaryny gowulandyrmak we pagta ýygymyny mehanizasiýalaşdyrmak arkaly, pagtaçylyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen FAO bilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek teklip edilýär. Taslamanyň çäklerinde tehniki kuwwatlyklar arkaly gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, agrotehniki usullary we pagtanyň seleksiýasy babatda ylmy-barlag işlerini güýçlendirmek hem-de bu işleriň netijeliligini sanly tehnologiýalar arkaly ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

FAO bilen gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, häzirki wagtda bu guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi göni ikitaraplaýyn gatnaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de FAO-nyň hünärmenleri bilen bilelikde degişli Ylalaşygyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşydygyny görkezip, iş ýüzünde köpýyllyk netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Türkmenistan FAO bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berip, ykdysadyýetiň oba hojalygy ýaly möhüm pudagynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda, şol sanda obasenagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önüm öndürijileri goldamak, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çärelerde özüniň oňyn tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Sebit we ählumumy möçberde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri, şol sanda Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň wekilhanasyny açmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy we mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, onuň esasy düzümleri bilen bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar baradaky döwlet agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamy barada jikme-jik maglumatlary bolan sanly ulgamdaky kartasyny düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyz möhüm ähmiýetli düzümleýin taslamalaryň birnäçesine gatnaşýar. Şol taslamalaryň hatarynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lapis Lazuli”) ugry boýunça täze multimodal geçelgesini döretmek taslamasy bar. 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda bu baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýä tejribesinde degişli desgalar barada geografik maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek we grafik taýdan görmek üçin amatly görnüşe getirilen Geografik-maglumatly ulgamlaryň (GIS) giňden ulanylýandygy habar berildi. Bu ulgam degişli ýer bölekleriniň sanly kartasy görnüşinde bolup, onda desgalar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilýär.

Agentligiň ýolbaşçysy milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini, möhüm awtoulag we demir ýollaryny, hyzmat ediş nokatlaryny, halkara howa menzillerini hem-de olaryň ýük terminallaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, sanly GIS kartasyny düzmek baradaky teklibi hödürledi. Ol ýangyç guýmak mümkinçilikleri, deňiz portlary, poçta bölümleri, logistika merkezleri we howa menzilleri, serhet geçelgeleri hem-de gümrük amallarynyň ýerine ýetirilýän nokatlary baradaky jikme-jik maglumatlary özünde jemlär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirip, sebit we halkara ähmiýetli taslamalara işjeň gatnaşmak bilen, ählumumy gyzyklanmalar babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek hem-de sebitde hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanyp, halklaryň arasynda dostluk köprüsi hökmünde çykyş edýän, hemmelere elýeterli üstaşyr ulag geçelgelerini kemala getirmegiň möhümdigini hemişe nygtaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz amala aşyrylýan köptaraply taslamalaryň ýaýbaňlandyrylan ulag üstaşyr ulgamyny döretmäge, häzirki zaman düzümlerini kemala getirmäge, awtomobil, demir ýol we parom gatnawlarynyň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, mümkinçilikleri bilelikde peýdalanmaga ýardam berýändigini nygtap, sanly kartany düzmek baradaky teklibi makullady hem-de bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler

2024-11-19 / Syýasy

Aşgabatda energetika boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

2024-11-05 / Syýasy

Türkmenistanda CIET-2024 halkara forumy tamamlandy

2024-11-04 / Syýasy

Aşgabatda CIET-2024 Halkara sergisi açyldy

2024-11-04 / Syýasy

Türkmenistanda umumy kuwwaty 330 kW bolan iki sany täze elektrik bekedi ulanylmaga berildi

2024-10-26 / Syýasy

“Türkmenenergo” ýapon kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşar

2024-10-25 / Syýasy

Türkmenistanyň energetika ministri özbek kärdeşi bilen duşuşdy

2024-10-23 / Syýasy

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2024-10-19 / Syýasy

Türkmenistanda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy açylar

2024-10-17 / Syýasy

Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Pakistanyň federal energetika ministriniň duşuşygy boldy

2024-10-14 / Beýlekiler

Aşgabatda "KazMunayGaz" golçur kompaniýasynyň şahamçasy açyldy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: