Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mähriban Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan eksport ugurly pudaklarynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de dünýä bileleşigi bilen utgaşykly gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Gaýtadan işleýän senagata degişli täze desganyň ulanmaga berilmegi dokma pudagynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, ony ösüşiň täze belentligine çykarmagyň, ýokary hil görkezijilerine laýyk gelýän giň ýokary hilli we bäsleşige ukyply önümleri artdyrmagyň hasabyna alynýan girdejileri artdyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.

Ahal welaýatynyň dokma kärhanalarynyň üstüni ýetiren täze senagat toplumynyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda işe girizilýändigini bellemek ýakymlydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma pudagy häzirki döwüriň ileri tutulýan ugurlaryny we dünýäniň ykdysady giňişligine goşulmak meýillerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda pudagyň düzümi tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen onlarça täze kärhanalar bilen üsti ýetirildi. Şeýlelikde, milli dokma senagaty halkara bazarlarynda eýeleýän omuny pugtalandyrdy. Mundan başga-da, ýüpek önümçiliginde, aýakgap we deri işläp taýýarlamakda işjeňlik görkezýän kärhanalaryň sany artýar.

Täzelikler

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: