Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

Türkmenistan ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin niýetlenen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek boýunça halkara kompaniýalary bilen deslapky gepleşikleri geçirýär. Bu barada ýurdumyzyň Energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow Aşgabatda geçirilýän «CIET-2026» halkara maslahatynda we sergisinde habar berdi.

«Häzirki wagtda ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin niýetlenen döwrebap maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meseleleri boýunça halkara kompaniýalary bilen deslapky gepleşikler geçirilýär» — diýip, Serdar Saparow belledi.

Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi öndürilýän elektrik energiýasynyň artykmaç möçberini netijeli peýdalanmaga, maýa goýumlaryny çekmäge we ýurduň ýokary tehnologiýaly infrastrukturasyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanda «Wirtual aktiwler hakynda» Kanunyň hereket edýändigini hem ýatlatdy.

Serdar Saparow Energetika ministrliginiň garamagynda umumy bellenilen kuwwaty 6,5 müň megawattdan gowrak bolan 11 sany elektrik stansiýasynyň bardygyny aýtdy. Bu kuwwatlyk ýurduň içerki zerurlyklaryny doly üpjün etmäge we elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýurtda bitewi halka görnüşli energetika ulgamyny döretmek taslamasy tamamlandy. Bu bolsa elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrdy.

Ministriň orunbasary pudakda elektrik torlaryny döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Halkara tejribäni ulanmak arkaly elektrik energiýasynyň sarp edilişini täjirçilik taýdan hasaba almagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny hem-de akylly hasaplaýjylary ornaşdyrmak meselesine garalýar.

Şeýle hem ministriň orunbasary Aziýanyň ösüş bankynyň goldaw bermegi bilen ýurduň ýel energiýasy serişdelerini öwrenmek boýunça barlaglaryň dowam etdirilýändigini aýtdy. Bu barlaglaryň netijeleri geljekde ýel elektrik stansiýalaryny gurmak üçin amatly ýerleri kesgitlemäge ýardam berer. Mundan başga-da, Türkmenistanda tebigy gazy tygşytlamaga we daşky gurşawa düşýän agramy azaltmaga mümkinçilik berýän utgaşykly aýlawly bug-gaz desgalary ornaşdyrylýar.

Çykyşda hünärmenleri taýýarlamak meselesine hem aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty talyplary Gün we ýel energetikasy desgalarynda amaly taýdan taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar. Energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak babatda gazanan üstünlikleri üçin institut Ýewropa Bileleşiginiň «ýaşyl şahadatnamalaryna» mynasyp boldy. Şeýle hem ýokary okuw mekdebi Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlyk edýär.

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara maslahat 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýär.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: