«Türkmenistanyň nebit we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahata we sergä hasaba alyş tamamlandy. Çärä 75 ýurtdan 450 kompaniýa wekilçilik edýän 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy.
Halkara forum 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Oňa döwlet edaralarynyň, halkara energetika kompaniýalarynyň, maýadarlaryň we tehnologiýalary üpjün edijileriň wekilleri gatnaşarlar.
Işewürlik maksatnamasynyň esasy ugurlary «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, Hazar sebitiniň maýa goýum mümkinçilikleri, tebigy gazy gaýtadan işlemek, sanly tehnologiýalar we metan zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri öz içine alýar.
Halkara serginiň açylyş dabarasy 21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Serginiň esasy wakalarynyň biri Malaýziýanyň milli pawilýonynyň ilkinji gezek açylmagy bolar. Oňa 20-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Forumyň çäklerinde gatnaşyjylar üçin B2B görnüşindäki işewürlik duşuşyklary, tehnologiýa tanyşdyrylyşlary we degişli mowzuklar boýunça tegelek stollar hem guralar. Deslapky çäreler 20-nji oktýabrda başlanar.
Halkara forum «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» şygary astynda geçiriler.