Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli okuw sapagynda belledi. Çykyş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň sentýabryndaky 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürdi. Şu ýylyň aprelinde Wenada geçirilen energetika forumynda bolsa biziň Türkmenistan energetika giňişligini syýasylaşdyrmakdan doly we kepillendirilen ýagdaýda el çekmäge çagyrdy. 

«Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika ulgamynda syýasylaşdyrmak gatnaşyklaryndan ýüz öwürmegi anyk beýan edýän «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamak barada pikirlenmegi teklip edýär» diýip, Gahryman Arkadag çykyşynda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deň elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Munuň özi islendik halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr. Adam hemme zadyň esasydyr. Şu düşünjede halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek garaýşy jemlenýär. Türkmenistan kynçylykly ýagdaýlara düşen halklara ynsanperwer kömegi bermek bilen, şeýle syýasaty alyp barmakda görelde görkezýär» diýip belledi. 

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: