Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow we Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ornuny bellediler.

Ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynyň, ilkinji nobatda, nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine aýratyn üns berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde we energetika sektoryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda bilelikdäki hökümetara toparyň orny nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň baý energetika mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly pursatlaryň bardygyny görkezdiler.

G.Gezalow türkmen tarapyny Hytaý bilen bilelikde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna girişilmegi bilen gutlady.

Taraplar strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek we energetika ulgamynda amaly gatnaşyklary artdyrmak niýetlerini tassykladylar.

 

Täzelikler

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: