Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjy wekiliýet ýolbaşçylarynyň hem-de agzalarynyň öňünde howa we energetika meselelerini çözmäge gönükdirilen başlagyçlary bilen çykyş etdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Ilki bilen, Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Onuň Alyhezreti jenap Aleksandr Wan der Bellene, UNIDO-nyň Baş direktory jenap Gerd Müllere, Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri hanym Beate Maýnl-Raýzingere tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirmäge rugsat ediň! Şu günki forumyň giň wekilçilikli düzümi dünýä ýurtlarynyň howa we energetika gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly energetika, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli, uzak möhletleýin strategiýalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Şu gezekki forum dünýä üçin ýeňil bolmadyk döwürde geçýär. Energetika hem-de daşky gurşaw ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleriniň hataryndadyr. Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän, energiýa serişdelerini öndüriji we eksport ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ulgamda özara bähbitli hem-de köptaraplaýyn deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy, halkara hukuk we beýleki şertlerdir kepillikleri döretmek maksady bilen, jogapkärçilikli, yzygiderli syýasaty alyp barýar. Bu gün ozal toplanan tejribä we häzirki ýagdaýlaryň seljermesine esaslanyp, biz energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly we öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe anyk çäreleri teklip edýäris.

Birinjiden, Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal öňe süren başlangyjyna ýene-de bir gezek ünsi çekýär. Howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygy bu strategiýanyň esasy özeni bolup durýar. Şolaryň hatarynda energetika howpsuzlygy wajyp ugurlaryň biri bolup çykyş edýär.

Ikinjiden, Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasylaşdyrmazlyga çagyrýar. Syýasy şertleriň öňe sürülmeginiň durnukly ösüşi haýalladýandygy we elbetde, onuň ykdysady maksadalaýyklyk bilen hiç bir umumylygynyň ýokdugy barada aýtmak artykmaç bolsa gerek. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmazlygy beýan edýän Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýär.

Üçünjiden, energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, üstaşyr geçirmek we sarp etmek meselelerini kadalaşdyrýan BMG-niň köpugurly halkara hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmegi teklip edýäris. Bu ugurda Türkmenistan agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda energiýa serişdelerini ygtybarly ibermek barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç Kararnamasynyň awtory bolup çykyş etdi. Munuň özi mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin gowy esas bolup durýar. Bu ugurdaky işi ösdürmek bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Dördünjiden, energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýarys. Munuň özi artykmaçlyk bolman, eýsem, syýasy gurluşyna, ykdysady mümkinçiliklerine, geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, her bir halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr.

Täzelikler

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: