Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow we Russiýa Federasiýasynyň energetika ministri Sergeý Siwilýow Kazanda geçirilen «Energoprom-2026» elektroenergetika forumynyň çäklerinde gepleşikler geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Taraplar ikitaraplaýyn energiýa gepleşikleriniň geljegini, şol sanda energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýa ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we gaýtadan dikeldilýän energetika ýaly öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

A.Saparow forumda Türkmenistanyň wekilýetine ýolbaşçylyk edýär. Çärä Russiýanyň we daşary ýurtlaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň energetika ministrleri, degişli edaralaryň wekilleri, iri energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de öndürijiler gatnaşýarlar.

Forumyň çäklerinde GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň mejlisi geçirildi, oňa gatnaşyjylar energiýa ulgamlaryny sazlaşdyrmak, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, sanlarylaşdyrmak we energetika infrastrukturasynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak meselelerine seretdiler.

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, halkara guramalar we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürip, iň täze tehnologiýalaryň hem-de ylmyň gazananlarynyň esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga ileri tutulýan ünsi berýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler

2026-11-06 / Syýasy

Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-15 / Makalalar

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: