Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) energetika ulgamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli meselä Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Palwanow bilen Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça Baş müdirliginiň energetika howpsuzlygy we halkara gatnaşyklary bölüminiň direktory Kristina Lobilýo Borrero bilen bolan duşuşygyň dowamynda garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy ýekşenbe güni habar berdi.

Habara bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda energetika howpsuzlygy, durnukly infrastrukturalary ösdürmek we klimat gün tertibini durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar yzygiderli gatnaşyklara, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar hem-de özara ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutmak bilen açyk we geljege gönükdirilen dialogy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Täzelikler

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: