Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

Aşgabatdaky«Ýyldyz» myhmanhanasynda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» mowzugy boýunça «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) başlangyjy bilen guraldy diýip, ussatnews.com habar berýär.

«Tegelek stoluň» dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekili Borislaw Dimitrowyň, GIZ-iň «Ýaşyl Merkezi Aziýa» maksatnamasynyň ýolbaşçysy, doktor Karolina Milowyň, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýewiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanowyň we başgalaryň çykyşlary diňlenildi.

Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň kem-kemden pes uglerodly energetika geçmegi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meseleler girizildi.

Gatnaşyjylar jemleýji çekişmeleriň dowamynda daşky gurşawy goramak we durnukly energetikany ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, tejribe alyşmagyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeňligini has-da ýokarlandyrmagyň ähmiýetini bellediler.

«Tegelek stoluň» çäginde «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi.

Täzelikler

2026-10-20 / Syýasy

«OGT 2026» halkara forumuna hasaba alyş tamamlandy: 75 ýurtdan 1700-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy

2026-09-30 / Syýasy

TOPH taslamasynyň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-09-09 / Makalalar

ÝURDUMYZYŇ BILIM ULGAMYNYŇ BAÝRAMY

2026-09-08 / Syýasy

Türkmenistan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

2026-08-28 / Syýasy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nepaldaky tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

2026-08-26 / Syýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Astanada geçiriljek Akaba prosesiniň mejlise gatnaşmagyna garaşylýar

2026-08-13 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanda TOPH we TOP taslamasyna garady

2026-07-29 / Makalalar

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN GELJEGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2026-07-27 / Tender

Prezident sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: