«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň hünärmenleri tarapyndan 2025-nji ýylda alnan nebitiň gaz kondensaty bilen bilelikdäki möçberi 4 million 25 müň tonna golaýlady. «Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwri üçin bellenilen meýilnama goşmaça 205 müň tonnadan gowrak çig mal çykarylyp, tabşyryk 108,6 göterim amal edildi. Şonuň ýaly-da tutuş konsern boýunça nebit çig malyny çykarmakda gazanylan ösüş depgini 106,7 göterime golaýlady. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bu müdirlikler tarapyndan 4,6 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykarylyp, sarp edijilere ýetirildi. Nebitdir gazyň bol akymyny almakda «Goturdepenebit», «Gumdagnebit», «Nebitdagnebit», «Gamyşlyjanebit», «Galkynyşnebit», «Keýmir» nebit-gaz çykaryş hem-de «Körpeje» gaz çykaryş müdirlikleri göreldeli işleri bitirdiler.

Konserniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwründe 413 guýa derek 437 guýuda düýpli abatlaýyş işleri amala aşyrylyp, olar önümçilige tabşyryldy. Gaýtadan hatara goşulan şol guýularyň hasabyna konsern boýunça goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 292,6 müň tonna barabar bolup, meýilnama 124 göterim amal edildi.

«Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli müdirlikler tarapyndan geçen hasabat döwründe gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 151 müň 276 metre ýetdi. Şonça çuňlugyň 125 müň metre golaýynyň ulanyş maksatlydyr. 

2025-nji ýylda konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleri boýunça gazuw işleri üstünlikli tamamlanan täze guýularyň umumy sany 39-a barabar boldy. Şol täze guýularyň 33-siniň ulanyş maksatly guýulardyr. Senagat taýdan üstünlikli özleşdirilýän ol täze guýulardan häzirki wagtda her gije-gündiziň dowamynda alynýan nebit çig malynyň möçberleri ýüzlerçe tonna baryp ýetýär. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk üstünlikleriň gazanylmagynda trestiň «Goturdepe», «Nebitdag», «Ekerem» we «Körpeje» buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlarynyň mynasyp paýlary bar.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: