Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

Şu gün Tokioda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi. Sammite gatnaşmak üçin Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem dostlukly ýurtda saparda bolýarlar.

 

«Hotel New Otani Tokyo» myhmanhanasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary resmi taýdan garşylanandan soňra, Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Sanae Takaiçiniň başlyklygynda ýokary derejeli altytaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Sammitiň dowamynda oňa gatnaşýan Liderler gezekli-gezegine çykyş etdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň başynda ýurtlaryň uzak möhletleýin, durnukly we köptaraply hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umumy ymtylmalaryny görkezip, ilkinji gezek ýokary derejede bir ýere jemlenendiklerini belledi. Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, onuň täze ugurlardyr amaly mazmun bilen üstüniň ýetirilmegi ugrunda çykyş edýändigini aýdyp, şunda ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

 

Çykyşda «ITOCHU», «Mitsubishi», «Kawasaki», «Sumitomo», «Toyo», «Sojitz», «Komatsu», «Toyota» ýaly öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen köp ýyllardan bäri netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyna üns çekilip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly serişdelere eýedigi, dialoga gatnaşyjylaryň ählisiniň güýçli tarapynyň herekete getirilmeginiň şu babatda umumy wezipe bolup durýandygy bellenildi. Serdar Berdimuhamedow «ýaşyl» geçişi, wodorod energiýasyny, howa gün tertibini, üstaşyr ulag arabaglanyşygyny köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi. Türkmenistan adam mümkinçiliklerini, bilim ugurly özara hereketleri ösdürmäge, ýaşlara ýapon dilini öwretmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berýär.

 

«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, syýasy dialogy, sebitara hyzmatdaşlygy, işewürligi ilerletmek, intellektual we ynsanperwer alyşmalar ýaly ugurlarda anyk teklipdir garaýyşlary beýan etdiler.

Täzelikler

2026-02-17 / Syýasy

Kuweýt Türkmenistan bilen hususy pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2026-02-09 / Syýasy

Türkmenistan we ÝB energetika hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

2026-02-02 / Syýasy

Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

2026-01-28 / Syýasy

«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

2026-01-27 / Syýasy

Aşgabatda «Ýaşyl energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

2026-01-22 / Syýasy

Aşgabatda SPECA-nyň sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ykdysady forumy geçirilýär

2026-01-13 / Syýasy

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2025-nji ýylda gazlyp alnan nebitiň möçberi 4 million tonnadan geçdi

2025-12-24 / Syýasy

Lebapda täze gaz guýusy işe girizildi

2025-12-20 / Syýasy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» sammitine gatnaşdy

2025-11-27 / Syýasy

Türkmenistan we Täjigistan energetika hem-de suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: