Türkmenistanyň wekiliýeti Florensiýada geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Florensiýa şäherindäki Ýewropa uniwersitetiniň institutynda geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we integrasiýa 2025» atly ýörite okuw maslahatyna gatnaşdy.

Florensiýanyň kadalaşdyryş mekdebi tarapyndan Ýewropanyň öňdebaryjy guramalary bilen hyzmatdaşlykda guralan okuw maslahaty dünýäniň dürli sebitlerinden syýasaty öwrenijileri, energetikleri, kadalaşdyryjy guramalaryň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Türkmenistana Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň wekillerinden ybarat bolan giň düzüm wekilçilik etdi. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dolandyrylyşy boýunça halkara tejribesi», «Auksionlar we şertnamalar boýunça tapawutlylyk (CFDs)», «Maýa goýum we maliýeleşdiriş modelleri», «Toruň ösüşi we pudagara hyzmatdaşlygy», «Durnukly energiýa geçişi çaltlaşdyrmagyň gurallary hökmünde innowasion «Power-to-X» tehnologiýalary» temalaryny öz içine alan seminaryň dowamynda dikeldilýän energiýa çeşmelerini häzirki zaman elektroenergetika bazarlaryna çykarmagyň, sebit we halkara ulgamlaryna ornaşdyrmagyň (integrirlemegiň) meseleleri boýunça bilimler, öňdebaryjy tejribeler alşyldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliniň belleýşi ýaly, Florensiýada alnan bilimler, aýratyn-da, bazarlaryň integrasiýasy, innowasion maliýeleşdiriş meseleleri boýunça möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi Türkmenistan öz energetika pudagyny diwersifikasiýa etmäge, bu babatda uzak möhletleýin syýasaty durmuşa geçirmäge çalyşýar.

Bu çäre Ýewropa Bileleşigi hem-de Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan maliýeleşdirilýän we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň goldawy bilen amala aşyryldy.

Täzelikler

2026-07-09 / Tender

Türkmenistan we Gyrgzystan Bişkekde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

2026-07-02 / Tender

Owganystan türkmen elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak üçin elektrik geçiriji gurýar

2026-06-30 / Syýasy

Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi

2026-06-15 / Syýasy

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

2026-06-01 / Syýasy

AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

2026-05-04 / Syýasy

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

2026-04-17 / Syýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy

2026-04-06 / Syýasy

Türkmenistanyň we RF-niň energetika ministrleri Kazandaky forumda gepleşikler geçirdi

2026-03-10 / Syýasy

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

2026-03-02 / Syýasy

Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Sene boýunça habarlar gözle

Senäni saýla: